GORAÝJYNYŇ GOLLANMASY

TÜRKMEN

Adam hukuklaryny goraýjylar üçin Umumy howpsuzlyk gollanmasy (Goraýjynyň gollanmasy), fiziki howpsuzlygymyzy, sanly howpsuzlygymyzy, abadançylygymyzy we durnuklylygymyzy ösdürmäge ýardam berýär. Gollanma esaslaryna görä hereket edip, şahsy we köpçülikleýin howpsuzlygymyzy ösdürýäris, şeýle hem bize we jemgyýetimize edilýän hüjümleriň, azar bermeleriň we senzuralaryň täsirini azaldyp bileris

Goraýjynyň gollanmasy, Open Briefing-iň bütin dünýäde töwekgelçilik astyndaky goraýjylar bilen işlemek tejribesine esaslanýar; muňa garamazdan umumy gollanmada görkezilip bilinmeýän möhüm ýerli tapawutlar bardyr, we siz Gollanmany öz ýagdaýyňyza, işiňize we tertibiňize görä utgaşdyrmaly.

HOPWSUZLYK ÇÄRELERI WE GORAG ÜPJÜNÇILIGI

  1. Duş gelýän töwekgelçiliklere has gowy düşünmäge we olary dolandyrmaga çemeleşiň:

    • Ýoldaşlaryňyzyň we garşydaşlaryňyzyň kimlerdigine göz ýetiriň Ýaranlaryňyzyň sizi goramak üçin ulanyp biljek çeşmelerine we mümkinçiliklerine göz ýetiriň. Garşydaşlaryňyzyň mümkinçiliklerine we niýetlerine düşüniň, şeýlelikde siz olaryň döretjek howpuny has gowy kesgitläp bilersiňiz.

    • Işiňiziň, şahsyýetiňiziň, taktikaňyzyň we beýleki faktorlaryň we aýratynlyklaryňyzyň goraglylygyňyzy nähili artdyrýandygy ýa-da peseldýändigini, ýa-da howplara duçar edýändigini dykgata alyň.

    • Size abanýan howpuň derejesine düşünmek üçin hüjümiň ýa-da başga bir hadysanyň ýüze çykma ähtimallygyna we ýetirjek täsirine baha beriň.

    • Size bolan her töwekgelçiligiň ähtimallygyny we/ýa-da onuň täsirini azaltmak üçin anyk çäreleri görüň.

  2. Daş-töweregiňizde bolup geçýän zatlardan habardar boluň we töweregiňizdäki adamlardaky we zatlardaky üýtgeşmelerden ägä boluň.

  3. Ýokary töwekgelçilikli döwürde ýa-da ýerlerde dostlaryňyz, maşgala agzalaryňyz ýa-da işdeşleriňiz bilen syýahat ediň ýa-da halkara gorag goldawyny soraň.

  4. Ynamdar we başarnykly dostuňyzdan, işdeşiňizden ýa-da maşgala agzaňyzdan howpsuz aragatnaşykçyňyz bolmaklaryny soraň. Töwekgelçiligiň ýokary bolan wagtynda nirä barýandygyňyzy, näme edýändigiňizi we haçan gaýdyp geljekdigiňizi öňünden habar beriň. Günüň dowamynda öňünden ylalaşylan tertibe görä yzygiderli howpsuz aragatnaşykçyňyz bilen habarlaşyň. Olaryň sizden habar alyp bilmedik ýagdaýynda näme etmelidikleri we kime ýüz tutmalydyklary barada ylalaşyp goýuň.

  5. Iň erbet ýagdaý ýüze çykan halatynda size has gowy goldaw berip bilmekleri üçin maşgalaňyzy we işdeşleriňizi taýynlaň:

    • Wajyp maliýe we hukuk resminamalaryňyzyň nirede saklanýandygyny wesýetnama yazyp, maşgalaňyzyň olary bilýändigine göz ýetiriň.

    • Siziň ýoklugyňyzda işdeşleriňiziň işi dowam etmekleri üçin yzygiderlilik meýilnamasyny düzüň.

    • Maşgalaňyza we işdeşleriňize göçmek, syýasy gaçybatalga gözlemek, ýa-da geljekdäki repressiýalardan goranmak üçin meýilnama düzmäge ýardam beriň.

  6. Mümkinçilik bar bolsa, adam hukuklaryny goraýjylar üçin döredilen umumy howpsuzlyk okuwyny tamamlaň. Şeýle hem, ilkinji lukmançylyk kömegi boýunça tälimi tamamlamagy we öýüňiz, ulagyňyz we iş ýeriňiz üçin trawma garşy şahsy serişdeleri satyn almagy göz öňünde tutuň.

  7. Siziň we maşgalaňyzyň kabul etmäge taýyn howpyň derejesine göz ýetiriň. Ýagdaý siziň üçin has töwekgelçilikli bolup başlasa, kömek soramakdan ýa-da işiňizi duruzmakdan çekinmäň.

SANLY ULGAM HOPWSUZLYGY

  1. Özüňizde saklaýan maglumaty dürli görnüşlerinde seljeriň hem-de olaryň siziň işiňize bolan gymmatyny we garşydaşyň olary elde eden ýagdaýynda size we başgalaryna ýetirjek zyýanlaryny göz ýetirmäge çemeleşiň. Iň wajyp ähmiýete eýe ýa-da uly zyýan berip biljek emläkleri goramak üçin goşmaça çäreleri görüň.

  2. Eger hökmany paýlaşylmaly bolsa, işdeşler bilen ýüzbe-ýüz habarlaşyň ýa-da uçdan uja kodlanan we hatlary yzyna getirip bolmaz ýaly bozmaga mümkinçilik berýän aragatnaşyk gurallaryny ulanyň.

  3. Ulanýan islendik kompýuteriňiziň ýa-da ykjam enjamyňyzyň:

    • Rugsat berilmedik adamlara fiziki taýdan elýeter bolmazlygyny üpjün ediň.

    • Açmak üçin parol ýa-da açar sözüň bolmagyny üpjün ediň.

    • Operasion ulgamynyň iň soňky wersiýalarynda we ähli gurlan programmalary/ programma üpjünçilik paketlerinde işleýändigine göz ýertiriň.

    • Ýurduňyzda kanuna laýyk bolsa, diski doly şifrlemek.

    • Antiwirus programma üpjünçiligi we gorag diwary gurnalan, täzelenen we dogry düzülen bolmaly.

    • Gaýtadan proşiwkalanan “jailbrake” ýa-da “rooting” amaly ýerine ýetirilmedik we kanunsyz programma üpjünçiliginiň bolmazlygyny üpjün etmeli.

    • "Sleep" ýa-da "hibernate" ýagdaýynda däl-de, mümkin boldugyça ýygy-ýygydan doly öçürmeli we elektrik üpjünçiliginden aýyrmaly.

  4. Ulanýan islendik onlaýn hyzmatyňyzda aşakdakylaryň bardygyna göz ýetiriň:

    • Girmek üçin çylşyrymly, ýeketäk açar söz talap edýär.

    • Eger bar bolsa, iki faktorly anyklama (2FA / 2SV) işjeňleşdirilen bolmaly.

  5. Ähli onlaýn parollaryňyzy yzarlamak we 2FA ätiýaçlyk kodlaryňyzy saklamak üçin kodlanan parol dolandyryjysyny ulanyň.

  6. Umumy ýa-da näbelli tor arkaly internete girýän bolsaňyz, gizlinlige gönükdirilen VPN ulanyň.

  7. Zerur bolmaýan wajyp maglumatlaryň ähli görnüşleri we üýtgeşmeleri bilen dessine pozuň we olary dikeldip bolmajakdygyna göz ýetiriň.

  8. Wajyp maglumatlar ýazylan bellikleri, göçürmeleri we beýleki çap edilen materiallary pugta saklaň we eger zerur däl bolsa dessine kagyz üweýjiden geçiriň ýa-da ýakyň.

Ýokardaky sanly howpsuzlyk görkezmelerini kabul etmekde, şol sanda maglumatlaryňyza giriş mümkinçiligini ýitirmek töwekgelçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutuň. Mundan başga-da, bu maslahat size has ygtybarly işlemäge kömek edýär we wajyp maglumatlaryň howpsuzlygyny kepillendirmeýär. Islendik enjamy ýa-da guraly nädip howpsuz ýagdaýda ulanmalydygyňyzy bilmeýän bolsaňyz, maslahat ýa-da tälim üçin ýüz tutmaly.

SAGLYK ÝAGDAÝY WE DURNUKLYLYGY

  1. Uky tertibini kadaly tutuň, şol sanda gijeki tertibi ýola goýuň we mümkin bolsa ýakymly uky gurşawyny dörediň.

  2. Öz wagtynda nahar iýiň we sagdyn iýmitleniň.

  3. Yzygiderli ýöräň, maşk ediň ýa-da sport bilen meşgullanyň.

  4. Fiziki kesellere we şikeslere çäre görmeli we özüňi bejermek üçin wagt aýyrmaly.

  5. Her gün özüňi seljermeli we oýlanyşyk amallary bilen meşgullanmaly.

  6. Aladalara ýa-da şikeslere garşy göreşmek üçin neşe ýa-da alkogol ulanmaň.

  7. Size goldaw berip biljek dostlaryňyz, maşgalaňyz, işdeşleriňiz we jemgyýetiň agzalary bilen aragatnaşyklary saklaň.

  8. Saglygyňyz ýa-da özüňizi duýşuňyz erbetleşýän bolsa, degişli kömek almak üçin ýüz tutuň.

v.1.0Ilkinji çap edilen: 2020-nji ýylyň 21-nji maýyBu wersiýa: 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabry